Tesla ABŞ-da we Kanadada iň meşhur elektrokaryna sargyt almagy bes etdi

  • 16.08.2022 08:06
  • 7.8k+

Tesla elektromobil öndürijisi ýokary isleg sebäpli Tesla 3 Long Range üçin täze sargytlary kabul etmegini bes etdi diýip, “Electrek” habar berýär. Bu kompaniýanyň ABŞ-da we Kanadada iň meşhur modelidir diýip, incrussia.ru belleýär.

Elektromobillere bolan islegiň ýokarlanmagy sebäpli heniz mart aýynda ABŞ-da kompaniýanyň köp modelleri tutuş hatar üçin bahalaryň ýokarlanandygyna garamazdan, 2023-nji ýyla çenli satylyp gutaryldy. Indi mart aýynda sargyt eden müşderiler awtomobillerini 2023-nji ýyldan ir alyp bilmezler. 
Maý aýynda kompaniýanyň baş direktory Ilon Mask Tesla-nyň käbir awtomobiller üçin sargytlary kabul etmegini bes edip biljekdigini, sebäbi ýerine ýetirilmedik sargytlaryň möçberiniň artýandygyny aýtdy. Möhletiň uzaldylmagy logistika meseleleri we koronawirus sebäpli Hytaýdaky berk çäklendirmeler bilen baglanyşyklydyr. 
Model 3 Long Range adaty wersiýa bilen deňeşdirilende ýokary ýol ätiýajyna eýe – 626 km garşy 547 km. Kompaniýanyň saýtynda sargydy resmileşdirmek mümkin däl, bellikde elektromobiliň “2023-nji ýylda elýeterli” boljakdygy görkezilýär. Awtomobiliň bahasy $57,9 müň barabar, ýöne “Electrek” neşiri satuwa gaýtadan başlanylandan soň bahalaryň ýokarlanjakdygyny çaklaýar.


düýn 23:24
1.4k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....