Serdar Berdimuhamedow «Deňiz han» harby gämisi bilen tanyşdy

  • 11.08.2022 09:01
  • 26k+

10-njy awgustda Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine bardy hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.

Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämisiniň tanyşdyrylyşa taýýardygy barada hasabat berýär. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hasabaty kabul edip, awtoulagda gämi duralgasyna tarap ugrady. Bu harby gäminiň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda geçirilen dabaraly ýörişde harby-deňiz flotunyň gözden geçirilişini açandygyny bellemek gerek.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow bu häzirki zaman gämisiniň söweşjeň mümkinçilikleri, tehniki häsiýetnamalary hem-de gurluşynyň aýratynlyklary, bölümleriniň işleýiş usullary bilen tanyşdy. “Deňiz han” gämisi garşydaşyň suwasty hem-de suwüsti söweşjeň gämilerini, guryýer we howa nyşanlaryny ýekelikde hem-de gämi urgy toparynyň düzüminde ýok etmek üçin niýetlenendir. Şol bir wagtda ol garşydaşyň gämi toparlaryny, desant otrýadlaryny ýok etmek, öz güýçlerimizi penalamak, toplumlaýyn aňtaw işlerini alyp barmak, suwüsti we suwasty giňişlige gözegçilik etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär. Şeýle hem deňizde döwlet serhedini goramak, gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we halas ediş işlerini amala aşyrýar.
Gäminiň harby gullukçylarynyň dünýäniň birnäçe ýurtlarynda, hususan-da, Italiýada, Germaniýada, Türkiýede we beýleki döwletlerde ýörite okuwlary geçendiklerini hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrandyklaryny bellemek gerek.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow harby birikmäniň dolandyryş binasyna baryp, dessin nobatçylaryň awtomatlaşdyrylan iş nokadynyň wezipeleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde gulluk edýän serkerdeleriň biri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny dolandyryş nokadynyň işi, ýerine ýetirýän wezipeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar we sanly ulgam, elektron karta, şeýle hem ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň serkerdeleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan maglumat-dolandyryş ulgamynyň ýörite programma üpjünçiligi Hazar deňziniň giňişliginde ýolagçy we harby gämileriň hereketine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 


düýn 18:14
2.1k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

26.05.2026 19:02
6.3k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 12:36
2.6k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

25.05.2026 11:17
9.2k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....