Toyota yzyna gaýtarylan elektromobilleri eýelerinden yzyna satyn alar

  • 09.08.2022 08:45
  • 18k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor öndürijisi bZ4X elektrokarlaryny eýelerinden satyn alar diýip, Electrek kompaniýanyň hatyna salgylanyp habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär.

Iýun aýynyň ahyrynda Toyota pes hilli teker boltlary sebäpli awtomobilleriň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Elektrokarlaryň tekerleri kemçilikler sebäpli hereket wagtynda gaçyp biler. Yzyna gaýtarma 2,7 müň awtomobile täsir etdi.
Toyota bZ4X-iň eýelerine ruluň başyna geçmezligi we awtomobili golaýdaky diler merkezine abatlaýyş üçin tabşyrmagy maslahat berýär. Şeýle wagt müşderilere mugt çalyşma hödürlenýär.
Indi Toyota müşderiler üçin mümkinçilikleriň sanawyny hem giňeltdi. Olara 5 müň dollar möçberinde bonus tölener, giňeldilen kepillik berler we müşderiler 2024-nji ýylyň ahyryna çenli EVgo stansiýalarynda mugt zarýad alyp bilerler (şol wagta çenli müşderilere awtomobiller yzyna gaýtarylyp berilse). Eger hiç bir wariant müşderiniň göwnünden turmasa, Toyota bZ4X-i azyndan 42 müň dollara yzyna satyn alar.
“The Verge” neşirine beren teswirinde kompaniýanyň wekili ahyrky bahanyň awtomobiliň ýagdaýyna görä kesgitlenjekdigini belledi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......