Türkmenistanda şu hepdede garaşylýan howa maglumaty (08.08 — 14.08)

  • 08.08.2022 17:11
  • 22k+

Şu hepde, geçen hepde bilen deňeşdirilende, ýurtda, aýratynam, Aşgabatda howanyň az-kem salkynlamagyna garaşylýar. Lebap welaýatynda we beýleki käbir sebitlerde tizligi sekuntda 18 metre ýetýän şemal öwser. Balkan welaýatynda az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda şu hepde ortaça temperatura, geçen hepde bilen deňeşdirilende, iki dereje aşaklap, +36 dereje bolar. Duşenbe güni termometriň sütünjigi +38-i görkezer. Sişenbe güni temperaturanyň aňrybaş derejesi +36-a çenli peseler. Çarşenbe we penşenbe günleri howa +35 dereje, anna we şenbe günleri bolsa +36 dereje bolar. Ýekşenbe güni howanyň ýene +38 derejä çenli gyzmagy mümkin.

Balkan welaýatynda şu hepde ortaça temperatura, geçen hepdä garanda, bir dereje peselip, +37 bolar. Duşenbe güni az-kem ýagşyň ýagmagy mümkin, termometriň sütünjigi bolsa +36 derejäni görkezer. Sişenbe güni temperatura şol +36 derejede saklanar. Çarşenbe güni howanyň +38 derejä çenli gyzmagy mümkin. Howa maglumaty gullugy penşenbe güni temperatura +37 dereje bolar diýip çaklaýar. Anna güni temperaturanyň +38 dereje, şenbe güni bolsa +39 dereje bolmagyna garaşylýar. Ýekşenbe güni howanyň +40 derejä çenli gyzmagy mümkin.

Daşoguz welaýatynda ortaça temperatura, geçen hepde bilen deňeşdirilende üýtgemez, +36 dereje bolmagynda galar. Duşenbe güni howa +36 dereje bolar diýip garaşylýar. Sişenbe güni aňrybaş temperatura +35 derejä, çarşenbe güni bolsa +34 derejä çenli aşaklar.
Howa maglumaty gullugy penşenbe güni temperatura +35 dereje bolar diýip çaklaýar. Anna güni termometriň sütünjigi +36-a galar. Şenbe güni howa +38-e, ýekşenbe güni bolsa +39 derejä çenli gyzar. Hepdäniň ahyrynda tizligi sekuntda 16 metre ýetýän güýçli şemalyň bolmagy mümkin.

Mary welaýatynda şu hepde ortaça temperatura, geçen hepdäniňki bilen deňeşdirilende, bir dereje aşaklap, +38 bolar. Duşenbe we sişenbe günleri termometriň sütünjigi +39 derejäni görkezer.
Çarşenbeden penşenbä çenli aňrybaş temperatura +37 dereje bolar. Ýekşenbe güni howanyň +40 derejä çenli gyzmagy mümkin we tizligi sekuntda 16 metre ýetýän güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynda şu hepde ortaça temperatura, geçen hepde bilen deňeşdirilende, bir dereje salkynlar we +37 dereje bolar. Hepdäniň duşenbe gününden çarşenbe gününe çenli temperatura +37 derejede saklanar. Penşenbe güni termometriň sütünjigi +34 derejä çenli aşaklar. Anna güni howa +36 derejä çenli gyzar. Şeýle-de, penşenbe we anna günleri  tizligi sekuntda 15 metre ýetýän güýçli şemal öwser.
Şenbe güni howanyň +38 derejä çenli gyzmagy mümkin. Ýekşenbe güni sebitiň ilatyna +40 dereje yssy we tizligi sekuntda 18 metre ýetýän güýçli şemal garaşýar.


düýn 09:43
7.2k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....