Türkmenistan «Bitewi Hytaý» syýasatyny goldaýar

  • 05.08.2022 19:13
  • 14k+

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda esasy türkmen-hytaý resminamalarynyň hemmesinde bellenilip geçilen «Bitewi Hytaý» syýasatyny goldaýandygyny birnäçe gezek yglan etdi. Türkmenistanyň garaýşy üýtgewsiz galýar: türkmen tarapy «Bitewi Hytaý» syýasatyna ygrarly, halkara hukugy esasynda Hytaýyň özygtyýarlylygyny we çäk bitewiligini goldaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

5-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sýan Naýçen bilen geçirilen duşuşykda diplomatlar däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda bilelikdäki ykdysady we durmuş-medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň ýokary netijeliligi bellendi.
Ikitaraplaýyn syýasy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, taraplar iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklaryň Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy görkezijileriniň biri bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara döwlet, parlament we hökümet saparlaryny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdiler.
Diplomatlar halkara meseleleriniň üstünde durup, Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä gün tertibinde iň möhüm meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşligini mälim etdiler, şeýle hem sebitleýin ugurda bilelikdäki işjeň hereketleri barada nygtadylar.
Şeýle üstünlikli işleriň açary, iki ýurduň hem BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryny we ýörelgelerini berk berjaý etmegi we ilkinji nobatda döwletleriň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine hormat goýmak, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine esaslanmagy bolup durýandygy ykrar edildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ozal kesgitlenen meýilnamalara laýyklykda diplomatik gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
880

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......