Syýahatçylar üçin kowid çäklendirmelerini saklan ÝB-niň üç ýurdy belli boldy

  • 05.08.2022 12:53
  • 23k+

Ýewropa ýurtlarynyň aglabasy, has dogrusy Ýewropa Bileleşiginiň 27 döwleti syýahatçylar üçin ähli kowid çäklendirmelerini aýyrdy, emma azyndan üç döwlet, şol sanda syýahatçylar üçin meşhur bolan Ispaniýa kowide garşy çäklendirmeleri saklamagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Beýleki iki döwlet – bular Niderlandlar we Lýuksemburg. Bu barada tourprom.ru habar berýär.

Ispaniýa henizem üçünji ýurtlardan gelýän syýahatçylardan belli bir giriş düzgünlerini berjaý etmeklerini talap edýär. Ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, ÝB-e girmeýän döwletlerden gelýän 12 ýaşdan uly ähli syýahatçylar “kowid howpsuzlygyny” tassyklaýan üç resminama görkezmeli – bu sanjym, gutulandygyň barada şahadatnama ýa-da PZR-barlagy. Şeýle-de, syýahatçylaryň bu kategoriýasy ýörite saglyk gözegçiligi formasyny doldurmaly.

Şol bir wagtyň özünde sanjym şahadatnamasy diňe ÝB tarapyndan ykrar edilen sanjymlar bilen we diňe onuň eýesi soňky dokuz aýda iki doza sanjym alan ýa-da birinji ýa ikinji goşmaça sanjymy alan bolsa güýje girýändir. Keselläp dikelen adamyň şahadatnamasy diňe alty aýyň dowamynda hereket edýär. PZR-barlagy bolsa ýurda gelmezden öň 72 sagadyň dowamynda geçirilen bolmaly, şeýle-de gelmezden öň 24 sagadyň dowamynda geçirilmeli antigen üçin ekspress-barlagy görkezmäge-de rugsat berilýär.

Niderlandlarda bolsa ÝB-niň / Şengen zolagynyň çäginden daşary döwletlerden syýahat edýänler üçin giriş gadagan edilýär. Ýöne “howpsuz” ýurtlar we “talaplara laýyk gelýän” sanjym şahatdanamasynyň ýa-da keselden sagalan adamyň şahadatnamasynyň eýeleri üçin kadadan çykma bar. PRZ-barlagy giriş rugsatnamasy hökmünde hereket etmeýär.

Lýuksemburg barada aýdylanda, bu döwlet ýurda girmäge rugsat almak üçin sanjym ýa-da gutulandygyň barada şaýatnama görkezmegi talap edýär. Bu düzgün diňe ÝB-niň howpsuz ýurtlarynyň sanawyna girizilen ýurtlaryň ýaşaýjylaryna degişli däldir.


düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......