Apple-iň arassa girdejisi geçen çärýek $2,3 mlrd azaldy

  • 01.08.2022 16:22
  • 4.5k+

Apple amerikan kompaniýasynyň arassa girdejisi geçen çärýek geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende $2,3 mlrd azaldy. Şeýle maglumatlar kompaniýanyň maliýe hasabatyndan gelip çykýar.

25-nji iýunda tamamlanan üç aýlyk hasabat döwründe kompaniýanyň arassa girdejisi $19,442 mlrd boldy, 2021-nji ýylyň degişli döwründe bolsa bu görkeziji $21,744 mlrd bolupdy. 
Apple gurluşlarynyň satuwyndan alnan girdeji $0,5 mlrd azaldy, şol bir wagtyň özünde dürli hyzmatlary hödürlemekden gazanylýan girdeji ýyllyk aňlatmasynda $2 mlrd artdy. Satuwyň flagmany iPhone smartfonlary bolup galýar - üç aýda tutuş dünýä boýunça şeýle gurluşlaryň 40 665 sanysy satyldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1 095 gajet köpdür. Şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň beýleki gurluşlarynyň satuwy peseldi.


19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

19.05.2026 09:37
4.6k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.5k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.9k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....