Awazada türkmen telekeçileri tarapyndan tagamlaryň sergisi guraldy

  • 01.08.2022 12:40
  • 15k+

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalary tarapyndan guralan dürli görnüşli tagamlaryň görkezilişini synlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu özboluşly sergide hödürlenen datly tagamlar türkmen desterhanynyň berekedi, milli we dünýä aşpezliginiň tagam taýýarlanyş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. 
Milli we daşary ýurt tagamlarynyň görkezilişine gatnaşýan telekeçilik düzümleriniň hatarynda «Gül Zaman», «Altyn toý mekany», «Hezzet», «Toý mekany-hyzmat», «Ýigit», «Erteki Älemi» hojalyk jemgyýetleri, «Soltan», «Köpetdag», «Altyn Çag» restoranlary, «MADO» kafesi, «Zemin» kafe-restorany, «Miweli ülke» hususy kärhanasy, şeýle-de arassalanan agyz  suwuny, alkogolsyz içgileri, miwe şirelerini öndürýän kärhanalar bar.
Biziň milli aşhanamyzyň gadymy taryhy bolup, ol türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary, tebigy-ýerleşiş şertleri bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, häzirki sergide türkmen aşpezleri tarapyndan taýýarlanan tagamlaryň hatarynda çorbanyňdyr palawyň dürli görnüşleri, dograma, ýarma, etden we balykdan taýýarlanan naharlar, işlekli, dürli huruşly gutaplar, çekdirme, tamdyrlama, kakmaç, işdäaçarlardyr süýjülikler we beýlekiler bar. Bu ýerde kafedir restoranlarda ildeşlerimiziň uly isleginden peýdalanýan dürli görnüşli daşary ýurt tagamlaryna hem giň orun berlipdir. 


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......