Maklaflin 400 metre päsgelçilikli ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 24.07.2022 23:58
  • 8.8k+

Sidni Maklaflin şenbä geçilen gije ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda 400 metre päsgelçilikli ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy diýip, TASS habar berýär. 

22 ýaşly türgen bellenen aralygy 50,68 sekuntda geçip, dünýä çempiony boldy. Öňki goýlan dünýä rekordy hem onuň özüne degişlidi, ol ony ABŞ-yň iýunda geçen çempionatynda bellenen aralygy 51,41 sekuntda geçmek bilen gazanypdy
Şeýle hem Maklaflin iki gezek olimpia çempiony hasaplanýar. Ol Tokioda geçen Oýunlarda hem 4x400 metrlik estafetada altyn medala mynasyp bolupdy. Türgen zenan 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynda päsgelçilikli 400 metre ylgamakda we agzalan turniriň 4x400 metrlik estafetasynda hem altyn medallaryň eýesi bolupdy. 


düýn 22:41
6.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus» kompaniýasy bilen Awazada golf meýdançalaryny gurmak mümkinçiligini maslahatlaşdy

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň...

15.12.2025 09:21
5.3k+

Repçi Snup Dogg Olimpiada-2026-da ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi boldy

Snup Dogg (Snoop Dogg) lakamy bilen tanalýan amerikaly repçi Kelwin Kordozar Brodus-kiçi öňümizdäki 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi diýlip bellendi. Bu barada ABŞ-nyň Milli Olimpiýa komiteti habar berdi...

07.12.2025 11:59
4.3k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

07.12.2025 09:24
1.5k+

Ýohannes Klebo dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda 100 ýeňşe ýeten ilkinji lyžaçy boldy

Norwegiýaly lyžaçy, bäş gezek Olimpiýa çempiony Ýohannes Klebo lyža ýaryşlary boýunça dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda karýerasyndaky 100-nji ýeňşini gazandy. Türgen Norwegiýanyň Tronheým şäherinde geçirilen möwsümiň ikinji tapgyrynda klassyk stildäki sprint ýaryşynyň finalynda ýeňiji boldy...