Amerikaly Maklaflin 400 m aralyga päsgelçilikli ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 27.06.2022 16:40
  • 8.1k+

Sidni Maklaflin ýekşenbe gününe geçilýän gije ABŞ-nyň ýeňil atletika boýunça çempionatynda 400 metr aralyga päsgelçilikli ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada TASS habar berýär.   

22 ýaşly türgen bu aralygy 51,41 sekuntda geçdi. Öňki dünýä rekordy hem oňa degişlidi, ol geçenki rekordy Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bellenilen aralygy 51,46 sekuntda geçmek bilen goýdy. 
Maklaflin iki gezek Olimpiýa çempionydyr. Ol Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 4x400 metr estafeta ýaryşynda altyn medal gazandy. Türgen 400 metr aralyga päsgelçilikli ylgamakda 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynyň kümüş baýrakçysy we 4x400 estafetada şol turniriň altyn medalynyň eýesidir. 


düýn 21:49
1.7k+

Amerikaly suwda ýüzüji Wolş 9 gün öň goýlan dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Gretçen Wolş Rimde geçirilen ýaryşlarda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

28.06.2026 23:41
6.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

26.06.2026 23:43
9.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

22.06.2026 14:40
4.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....