Twitter girdejiniň azalmagy bilen II çärýekde arassa ýitgini hasaba aldy

  • 23.07.2022 16:09
  • 4.3k+

Twitter Inc kompaniýasy girdejiniň azalmagy sebäpli 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde arassa ýitgini hasaba aldy. Ol munuň sebäbini Ilon Mask bilen şertnama gatnaşygynda näbelliligiň netijeleri bilen düşündirýär diýip, interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde bellenilişi ýaly, aprel – iýun aýlarynda onuň girdejisi 1%, geçen ýylyň degişli döwründäki 1,19 mlrd dollardan 1,18 mlrd dollara çenli azaldy. FactSet tarapyndan sorag edilen hünärmenler girdejiniň ortaça 1,32 mlrd dollara çenli ýokarlanmagyna garaşypdylar. 

“Görkezijiniň pese gaçmagy makroykdysady ýagdaý bilen baglanyşykly mahabat gurşawyndaky kynçylyklar, şeýle-de Mask tarapyndan Twitter-i satyn almakdaky näbellilik bilen şertlendirilýär” – diýip, metbugat relizinde bellenilýär. 

Kompaniýanyň mahabatdan gazanan girdejisi ikinji çärýekde 2% ýokarlanyp, 1,08 mlrd dollara ýetdi. 
Aprel – iýun aýlarynda “monetizasiýa edilen gündelik işjeň ulanyjylaryň” sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,6% artyp, 237,8 mln adama ýetdi. ABŞ-da şeýle ulanyjylaryň sany 14,7% - 41,5 milliona, galan ýerlerde 17% - 196,3 milliona çenli artdy.
Aprel – iýun aýlarynda Twitter-iň arassa ýitgisi bir ýyl ozalky 66 mln dollar ýa-da paýnama üçin 0,08 dollar arassa girdeji bilen deňeşdirilende, 270 mln dollar ýa-da paýnama üçin 0,35 dollar boldy. Kompaniýanyň Mask bilen gatnaşygy netijesinde çeken çykdajylary, umumy alanyňda, 33 mln dollar boldy.


22.03.2026 21:15
7.1k+

Kazyýet Ilon Masky Twitter söwdasynda günäli saýdy

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, San-Fransiskonyň oturdaşlar kazyýeti telekeçi Ilon Masky Twitteri satyn almazdan öň maýadarlary ýalňyşdyrmakda günäkär saýdy we munuň üçin öwez tölegini tölemek barada höküm çykardy...

18.03.2026 21:49
2.8k+

xAI Grok ulgamyna maliýe pudagyny öwretmek üçin bankirleri işe alýar

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok neýroulgamyny kämilleşdirmek üçin maliýe bilermenlerini we bankirleri işe kabul edip başlady. Kompaniýanyň şeýle etmek bilen maksady bu çat-boty çylşyrymly maliýe amallaryny, şol sanda kärhanalaryň birleşdirilmegi we satyn alynmagy ýaly amallary seljerýän gurala öwürmekdir...

10.07.2025 14:01
4.5k+

X-iň baş direktory Ýakkarino işden gitdi. MrBeast bu wezipä özüni hödürledi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynyň baş direktory Linda Ýakkarino kompaniýadan gidýändigini habar berdi. “Men iki ýyldan soň X-iň baş direktory wezipesinden gitmek kararyna geldim. Haçan-da biz Ilon Mask bilen ilkinji gezek X-iň geljegi barada gürrüňdeş bolanymyzda, men munuň kompaniýanyň ajaýyp missiýasyny durmuşa geçirmek üçin gowy mümkinçilik boljakdygyna düşündim...

31.03.2025 07:54
4.6k+

Ilon Maskyň bir kompaniýasy beýlekisini satyn aldy: X we xAI holdinge öwrüldi

Ilon Mask özüniň X we xAI kompaniýalarynyň bir holdinge birleşendigini habar berdi. Täze gurluş XAI Holdings diýlip atlandyryldy diýip, CNBC habar berýär. Ylalaşygyň çäginde adybir sosial ulgama eýe bolan X (öňki...