Kazyýet Ilon Masky Twitter söwdasynda günäli saýdy

  • 22.03.2026 21:15
  • 7.1k+

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, San-Fransiskonyň oturdaşlar kazyýeti telekeçi Ilon Masky Twitteri satyn almazdan öň maýadarlary ýalňyşdyrmakda günäkär saýdy we munuň üçin öwez tölegini tölemek barada höküm çykardy.

Agentligiň maglumatlarynda belleýşi ýaly, 2022-nji ýylda Mask sosial torda galp hasaplaryň diýseň köpdügini bahanalap, söwdadan dänip biljekdigini mälim edipdi. Oturdaşlar telekeçiniň şol beýanaty kompaniýanyň bazar bahasyna gönümel täsir etdi diýen netijä geldiler.

Kazyýet öz kararyny Maskyň ýokardaky aýyplama bilen geçiren bäş aýynyň dowamynda sosial toruň aksiýalaryna ýeten maddy zyýanyň bahasyny çykaryp, onsoň yglan etdi. Öwez töleginiň mukdary entek aýdylanok.

Ilon Mask 2022-nji ýylda Twitteri 44 milliard dollara satyn aldy we derrew onuň adyny X diýip üýtgetdi. Söwda amala aşyrylmanka, ol toruň moderasiýa düzgünlerini-de berk ýazgardy.

Onuň şol tankytlarynyň arasynda 2021-nji ýylyň ýanwarynda Waşingtondaky wakalaryň täsiri bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň hasabynyň petiklenmesi-de bardy. Mask şonda platformany satyn alandan soň, mazmuna düýbünden başgaça gözegçilik ediljekdigini-de aýdypdy.

 


10.06.2026 11:08
995

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.9k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.8k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.1k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......