Haýsy ugurlar Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini emele getirer?

  • 22.07.2022 13:32
  • 14k+

“Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýulda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda aýratyn belledi.

Döwlet Baştutany biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň baş maksada — kuwwatly, döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilip bilinjekdigini we şuňa gönükdirilmelidigini nygtady. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip bilerdi. Şunda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygy tassyklanyldy.

Döwlet Baştutany awgust aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini ýatladyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu foruma işjeň gatnaşmagyna umyt bildirdi. Bu forum halkara ulag-logistik geçelgeleri döretmäge, olaryň maksatlaryny hem-de işiniň ýörelgelerine ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......