Apple-iň işgärleri işe almagy azaltmak meýilnamalary barada belli boldy

  • 20.07.2022 15:01
  • 4.8k+

Apple amerikan korporasiýasy bolup biljek ykdysady çökgünlikden baş çykarmak üçin 2023-nji ýylda işgärleriň işe alynmagyny we birnäçe bölümiň maliýeleşdirilmegini azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habarly çeşmelere salgylanyp habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, her ýyl kompaniýa tarapyndan uly bölümçelere pul serişdeleri bölünip berilýär. Bu pullar gözleglere, işläp düzmelere, resurslara we işgärleriň işe alynmagyna gönükdirilýär. Ýöne indiki ýyl toparlaryň birnäçesi garaşylýandan has pes býujet alar. Käbir bölümçede işden giden işgärleriň orunlary çalşyrylmaz diýlip pikir edilýär. 
Kompaniýanyň ýolbaşçylygy “näbellilik döwründe has seresaply bolmak” isleýär. Şol bir wagtyň özünde käbir bölümlere täze syýasat täsir etmez. Agentligiň maglumatlaryna görä, geljek ýyl kompaniýa önümleri, şol sanda garyşyk reallyk garniturasyny çykarmagyň “agressiw tertipnamasyny” taýýarlaýar.
Tim Kukuň aýtmagyna görä, korporasiýa “inflýasiýany görýär”, ol bolsa jemi girdejä hem-de operasion çykdajylara täsirini ýetirýär. Ol koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsiriniň we transport çykdajylarynyň ýokarlanmagynyň hem täsir edýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Korporasiýanyň maliýeleşdirmegi we işgärleriň işe alynmagyny azaltmakçydygy baradaky habardan soň onuň paýnamalary iki göterim, 147,2 dollara çenli azaldy. 2022-nji ýylyň başyndan bäri pese gaçyş 17 göterim boldy.


29.05.2026 00:36
2.1k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....