Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (18.07 — 24.07)

  • 18.07.2022 07:42
  • 56k+

Şu hepde Türkmenistanda adatdan daşary yssy bolar, diýip howa maglumaty gullugy habar berýär. Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde temperaturanyň +47 derejä ýetmegi mümkin. Birentek ýerlerde şemalyň tizligi sekuntda 19 metre ýeter.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni +43 dereje yssy bolar. Sişenbe we çarşenbe günleri howanyň temperaturasy +41 - +42 derejede saklanar. Penşenbe güni howa +44 derejä çenli gyzar, anna güni hem howanyň ýagdaýy şeýleräk bolar. Dynç günleri howur biraz peselip, şenbe güni howa +42 we ýekşenbe güni +41 dereje bolar diýip çaklanylýar.

Balkan welaýatynda duşenbede we sişenbede temperatura +43 derejede saklanar, çarşenbe güni bolsa +44 derejä çenli gyzar. Howa maglumaty gullugy penşenbe güni howanyň aňrybaş temperaturasynyň +40 derejä, anna güni bolsa +38 derejä çenli peselmegine garaşylýar diýip habar berýär. Şenbe güni temperaturanyň +39, ýekşenbe güni bolsa +35 derejelerde saklanmagyna garaşylýar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň başyndan başlap howa kem-kemden gyzar — duşenbe güni +42, sişenbe güni +43, çarşenbe güni +44, penşenbe güni +46, anna güni bolsa +47 dereje yssynyň bolmagyna garaşylýar. Diňe dynç günleri howur biraz peselip, şenbe güni howa +44 we ýekşenbe güni +43 dereje bolar. Şeýle hem dynç günleri şemalyň  güýçlenmegine, tizligi sekuntda 17 metre ýetmegine garaşylýar.  

Mary welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri aňrybaş temperaturanyň +43 dereje bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň ilkinji günleri şemalyň tizligi sekuntda 16 metre ýetmegi mümkin. Çarşenbe we penşenbe günleri howa +45 derejä çenli gyzar, şemalyň tizligi bolsa sekuntda 15 metre ýeter. Anna güni +47 dereje yssy bolar. Şenbe güni yssy biraz düşüşip, howa +44 dereje bolsa-da, ýekşenbe güni ýene gyzyp başlar we +46 derejä çykar.  

Lebap welaýatynda tutuş hepdäniň dowamynda tizligi sekuntda 15 - 19 metre ýetýän şemalyň bolmagyna garaşylýar. Duşenbe we sişenbe günleri howanyň derejesi +44-de saklanar. Çarşenbe we penşenbe günleri howa +45 derejä çenli gyzar. Anna güni +47 derejä çenli yssy bolmagy mümkin. Dynç günleri temperatura +46 dereje bolar diýip garaşylýar.

Yssy günlerde ir sagat 10-dan öýlän sagat 17-ä çenli açyk howa çykmak maslahat berilmeýär, bu aýratynam ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekýänlere, gartaşan adamlara we kiçi ýaşly çagalara degişlidir. Şeýle hem bedende suwuň ýeterlik mukdarda bolmagy üçin köpräk suw içmelidir. 


düýn 09:43
7.2k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....