Iýun aýynda ÝB-de täze ýeňil awtoulaglaryň satuwy 15%-den gowrak azaldy

  • 17.07.2022 09:41
  • 35k+

Ýewropa Bileleşiginde täze ýeňil awtoulaglaryň satuwy iýun aýynda ýyllyk aňlatmasynda 15,4% azaldy. Bu barada Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň (ACEA) beýanynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“2022-nji ýylyň iýun aýynda hasaba alnan täze awtoulaglaryň görkezijisi pese gaçmagyny dowam etdirip, 15,4%-e ýetdi” – diýip, gurama belleýär. Bu aýda, takmynan, 886 müň ýeňil awtoulag satyldy, bu bolsa 1996-njy ýyldan bäri hasaba alnan iň pes iýun görkezijisidir diýip, assosiasiýa nygtaýar.

Awtoulaglaryň satuwynyň azalmagy ÝB-niň ähli öňdebaryjy bazarlarynda hasaba alynýar. Ýeňil ulag serişdeleriniň satuwy ýyllyk aňlatmasynda iýun aýynda GFR-de 18,1%, Italiýada 15%, Fransiýada 14,2% we Ispaniýada 7,8% azaldy. 
2022-nji ýylyň birinji ýarymynda bileleşigiň ýurtlarynda 4,6 mln töweregi awtomobil satyldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14% azdyr. Bu döwürde satuwyň azalmagy Italiýada 22,7%, Fransiýada 16,3%, Germaniýada 11% we Ispaniýada 10,7% boldy.
Hünärmenler ÝB-de awtoulaglaryň satuwynyň azalmagynyň esasy sebäbi hökmünde olaryň önümçiligi üçin zerur bolan bölekleriň üpjünçiligi bilen bagly bökdençligi belleýärler.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....