Özbegistan bilen Türkmenistan 451 mln dollarlyk şertnamalara gol çekdi

  • 14.07.2022 08:34
  • 20k+

Özbegistan bilen Türkmenistan Buharada geçirilen ilkinji sebitara forumyň dowamynda 451 million dollarlyk maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekdi. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy ýazýar diýip, centralasia.media habar berýär.

Ministrligiň maglumatlaryna görä, forum 14-15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň öňüsyrasynda geçirildi. Forumyň işine Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýum we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow we Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew gatnaşdy. 

“Forumyň netijesinde umumy bahasy 451 mln dollar bolan maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekildi” – diýlip, ministrligiň habarynda aýdylýar. Forumda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösüşi bellenildi, taraplar ýakyn wagtda söwda dolanyşygynyň möçberini 2 mlrd dollara ýetirmek isleýändiklerini tassykladylar.

“Lebap – Buhara” we “Daşoguz – Horezm” serhet söwda zolaklarynyň işe girizilmegini çaltlandyrmak barada hem ylalaşyk gazanyldy.
“Ulag we logistika gatnaşyklaryny ösdürmek we iki ýurduň tranzit potensialyny ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy” – diýip, ministrlik belleýär.
2021-nji ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýük gatnawynyň möçberi 2,2 mln tonna çenli ýokarlandy, ilkinji nobatda, bu awtomobil (+1,5 esse) we demirýol transporty (+3 esse) bilen gatnawlaryň ýokarlanmagynyň hasabyna boldy.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......