Uzynada meýdançasynda 7300 metr çuňlukdan nebit we tebigy gaz alyndy

  • 14.07.2022 12:21
  • 14k+

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg işleri esasynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak we onuň çägini giňeltmek maksady bilen, Uzynada meýdançasynda 7 müň 300 metr çuňlukdan nebit we tebigy gaz alyndy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň Hökümetiň 13-nji iýuldaky hasabatyndan mälim bolşy ýaly, munuň özi nebitiň çykarylýan mukdarynyň artdyryljakdygyna hem-de bu käniň çäginiň has-da giňeldiljekdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle-de häzirki wagtda bu ýerde ýerasty baýlyklary özleşdirmek hem-de buraw işlerini maddy-enjamlaýyn babatda üpjün etmek, guýularyň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany sebitiň tebigy serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemegi kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ýerde geologiýa-gözleg işlerini dowam etdirmegiň zerurdygy babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:54
4.9k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.5k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......