Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawyny tassyklamak işi düzgünleşdirilýär

  • 14.07.2022 12:09
  • 24k+

Häzirki döwürde ýurdumyzda döwlet edara-kärhanalarynyň wezipe sanawlaryny tassyklamak we ylalaşmak boýunça işler Zähmet kodeksiniň talaplaryna laýyk gelýän degişli Tertipnama esasynda alnyp barylýar. 13-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek hem-de edara-kärhanalaryň wezipe sanawyny tassyklamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, bu Tertipnamanyň taslamasynyň rejelenen görnüşde taýýarlanylandygyny aýdyp, resminamanyň düzgünleri hakynda maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty iş bilen üpjün etmegiň ýokary derejesini saklamagyň döwletimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugrudygyna ünsi çekdi. “Ykdysady özgertmeleri giňden amala aşyrmagyň çäklerinde adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegini nazarlaýan zähmet bazary kemala gelýär” diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de degişli meseleleri jikme-jik öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......