Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy bilen telefonda gürleşdi

  • 12.07.2022 11:20
  • 19k+

11-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.
Söhbetdeşler iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň, deputatlaryň özara duşuşyklarynyň geçirilmeginiň hem-de geňeşmeleri guramak arkaly bu ulgamda tejribe alyşmagyň möhümdigini aýratyn bellediler. Parlamentara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin netijeli gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.a


düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......