Türkmenistan ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýar

  • 11.07.2022 14:44
  • 35k+

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda  ilat  we ýaşaýyş jaý gaznasynyň uçdantutma ýazuwyny geçirmeklige taýýarlyk görülýär. Bu çäre geljekde  içerki strategik meýilnamalary düzmek üçin zerur bolan maglumatlary ýygnamakda, ýaýratmakda we ulanmakda hem-de ilatyň dürli toparlarynyň isleglerini kanagatlandyrmagyň çägindäki syýasaty işläp taýýarlamakda ýurda aýratyn mümkinçilik berer. 

Ilat ýazuwy demografiki özgerişlikleri görkezmäge, olaryň netijelerini seljermäge we türkmenistanlylaryň abadançylygyna gönükdirilen toplumlaýyn demografiki we sosial hereketleri işläp taýýarlamaga kömek eder.
Ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň  uçdantutma ýazuwyny geçirmekde BMG-niň Ilat gaznasy — ÝUNFPA Türkmenistana tehniki kömegini berer.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......