Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi

  • 10.07.2022 18:39
  • 15k+

Ýaponiýada Lexus kompaniýasy NX krossoweri üçin sargytlary kabul etmesini togtatdy. Automotive News-yň ýazmagyna görä, bu ýagdaý zawodlaryň islegleri kanagatlandyrmaga ýetişmeýändigi bilen baglydyr. Sargyt edilen wsedorožnigi almak üçin bir ýyldan gowrak garaşmaly bolýar. Öň şunuň ýaly sebäp bilen bagly Toyota Motor korporasiýasy hem Land Cruiser 300 we Lexus LX wsedorožniklerine sargyt almasyny bes edipdi, olara  Lexus-yňkydanam kän garaşmaly bolýardy.

Ýaponiýada Toyota Motor-yň bir topar modellerine nobatyň artmagy ulaglary ýygnaýjy konweýerleriň wagtal-wagtal saklanmagy bilen düşündirilýär. Bu arakesmeler logistiki zynjyryň bökdençlikleri we mikroelektronika bazaryndaky çökgünlik bilen bagly.
Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Toyota önümçilik meýilnamasynda bellenenden takmynan 400 müň awtoulag yza galýar. Meýilnamanyň yzyndan ýetmek üçin konserniň zawodlary her aýda 840 müň ulag ýygnamaly bolarlar.
Öň habar berlişi ýaly, konsern henizem ýylda 9,7 million awtoulag çykarmagy meýilleşdirýär, emma, mysal üçin, iýulda goýbermegi göz öňünde tutýany  800 müň ulagdan artyk däl. Toyota we Lexus wnedorožniklerine görlüp-eşidilmedik nobat, öňünden çaklanylyşy ýaly, täze ulaglaryň bir ýyllap satuwa çykmazlygyna getirer. 
Konsern Land Cruiser 300 we LX 600 üçin täzeden sargytlary kabul etmäge diňe 2023-nji ýylyň ortalaryna başlap biler.     


27.02.2026 21:47
5.6k+

Bentley ýapon bazary üçin 10 sany «toý» Bentayga krossowerini çykarar

Bentley markasy diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenen «Something Blue Collection» atly çäkli nusgada Bentayga krossowerlerini tanyşdyrdy. Bu seriýanyň ady XIX asyryň iňlis toý däp-dessurlaryna esaslanýar; oňa görä, gelniň bagtly durmuşy üçin onuň ýanynda gök reňkli bir zadyň bolmagy zerurdyr...

26.02.2026 16:09
3.8k+

Toyota Ýaponiýada RAV4-iň iň kuwwatly nusgasyny hödürledi

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda 2026-njy ýylyň modeli bolan RAV4 krossoweriniň tokdan zarýad alýan gibrid (PHEV) görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täze nusga adaty öz-özüni zarýadlaýan gibridlere alternatiwa bolup hyzmat edýär we modeliniň häzirki hataryndaky iň güýçli wersiýasy bolup durýar...

23.02.2026 13:30
12k+

Toyota-nyň we Lexus-yň eýeleri 8 basgançakly «awtomat» karobkadaky meseleler sebäpli kazyýete arz etdiler

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň federal kazyýetinde Toyota kompaniýasyna garşy nobatdaky köpçülikleýin arza berildi. Bu gezekki şikaýatyň sebäbi - UA80 seriýaly 8 basgançakly awtomatiki geçiriji karobkadyr. Arza berijileriň tassyklamagyna görä, bu transmissiýanyň dizaýnynda iki sany düýpli kemçilik bar...

14.02.2026 14:11
4.5k+

Ýaponiýadaky awtobezeg ussahanasy Toyota Century-ni sport "lybasyna geýindirdi"

Ýaponiýanyň Tom’s Racing týuning (awtobezeg) studiýasy Toyota Century lýuks sedanyny döwrebaplaşdyryp, oňa has sport we agras görnüş berdi. Bu täzelik adaty durnuklylygy we asudalygy aňladýan Century modeliniň imijini düýpli üýtgedýär...