Ýewropada öndürilýän awtoulaglara tizlik ýokarlananda duýdurýan ulgam oturdylar

  • 10.07.2022 18:34
  • 19k+

6-njy iýundan başlap ýewropa bazaryna çykarylýan her täze model hökmany tertipde ISA - Intelligent speed assistance ulgamy bilen enjamlaşdyrylan bolmaly. Ýewropa Bileleşiginiň saýtynda takyklanyşy ýaly, ulgam tizlik çäklendirmesi  goýlan ýerde tizligiň artdyrylandygy barada sürüjilere duýduryş berip durar. Emma ilkibadalar sürüjilere bu ulgamy doly öçürmäge rugsat bererler. 

ISA ulgamy ýol belgilerini tanaýjy kömekçiniň, bort nawigasiýasynyň we awtoulagyň ýerleşýän ýerini lokallaşdyrmaga mümkinçilik berýän beýleki funksiýalaryň esasynda işlär. 
Öndürijilere sürüjä tizligi ýokarlandyrandygy barada duýdurmagyň dört görnüşinden birini saýlamak teklip edildi. Başdaky ikisi juda ýönekeý -  sürüji tizligi peseldip başlamasa, barha güýçlenýän akustiki ýa-da yrgyldyly duýduryş. Üçünjisi gazyň pedalyna "baglanan": ol sürüjiniň aýagyny "itiberip", pedala basmasyny haýalladýar we netijede, tizligi peseltdirýär.
Ahyrky, dördünji bolsa - elektron "boýunbag" pisint, ýagny kömekçi ulgamlaryň özi emaý bilen awtoulagyň hereket tizligini peseldip bilýärler. Şeýle-de bolsa, duýduryşyň birinji we ikinji usullaryna sürüji ähmiýet bermän hem bilýär, üçünji we dördünji ýagdaýlarda bolsa akseleratoryň pedalyna basmagy güýçlendirmek bilen, duýduryşy öçürip bolýar.
Ulgamy tapgyrlaýyn girizmek meýilleşdirilýär, ýöne häzirlikçe ÝB onuň diňe ikinji tapgyry hakynda habar berdi: 2024-nji ýylyň iýulyndan başlap,  öndürijiler diňe bir iň soňky täze modelleri däl, eýsem, uçdantutma ähli täze awtoulaglary ISA bilen üpjünlemeli bolarlar.
Ulanyşdaky öň satylan awtoulaglara bu talabyň degişli däldigi aýratyn nygtalýar.  Awtoulaglary gerekli tizlige çenli hökmany haýallatmak düzgünini girizmek meýilleşdirilýärmi ýa dälmi, takyk aýdylmaýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....