Türkmenistanyň teklibi bilen Durnukly ulag boýunça Dostlar topary döredilýär

  • 08.07.2022 03:53
  • 11k+

6-njy iýulda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy BMG-ä agza döwletleriň 90-dan gowrak wekiliniň gatnaşmagynda Durnukly ulag boýunça Dostlar toparyny döretmegiň amallaryny wirtual platforma görnüşde geçirdi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa maslahaty açmak bilen, Türkmenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal ulag tematikasy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň aýratyn Kararnamasynyň kabul edilişini girizmek ugrundaky teklibini ýatlatdy. Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň agza döwletleriniň goldawy bilen, BMG-niň döredilen ilkinji pursadyndan başlap, ählumumy ulag geçelgeleriniň maslahat beriş ulgamynyň işjeňleşmegi we birnäçe umumy çemeleşmeleri tassyklanylmagy esasynda ulag meseleleri boýunça 4 sany Kararnama kabul edildi.

Dabaranyň dowamynda Dostlar toparyna goşulan 11 döwletiň wekilleri çykyş etmek bilen, olar häzirki wagtda bar bolan ulag meselelerini we olary çözmegiň ýollary barada özara pikir alyşmak üçin şeýle mümkinçiligiň ähmiýetini we öz wagtynda döredilendigini bellediler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri ýurduň ulag ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly görülýän çäreler hem-de Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky gazanan üstünlikleri bilen  tanyşdyrdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy Abdulla Şahidiň adyna Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň döredilmegi bilen baglanyşykly habary özünde jemleýän hat ýollanyldy.


şu gün 16:45
195

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....