Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ugurly hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

  • 07.07.2022 07:35
  • 6.9k+

6-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energetika ugry boýunça ösdürilmeginiň ähmiýeti, halkara bazara energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak aýratyn bellenildi.
2021-nji ýylyň ýanwaryndaky Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek ugrunda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi türkmen-azerbaýjan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm wakasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy energetikanyň birnäçe ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn geňeşmeleriniň işiniň dowam etdirilmegine taýýardygyny belledi.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......