Harby we hukuk goraýjy edaralary ösdürmegiň täze Maksatnamalaryna gol çekildi

  • 06.07.2022 01:21
  • 17k+

5-nji iýulda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamalaryny tassyklamak hakynda degişli resminamalara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu maksatnamalar döwletimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine gönükdirilendir hem-de hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan ugur alnyp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.  

“Maksatnamalarda döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini innowasion tehnologiýalaryň esasynda, sanly ulgam arkaly has-da döwrebap derejede guramak bilen bagly örän möhüm wezipeler göz öňünde tutuldy” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi we harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri bellenilen möhletlerde, doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......