Türkiýe iýunda eksportyň aýlyk görkezijisi boýunça rekord goýdy

  • 03.07.2022 18:11
  • 9.6k+

2022-nji ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň eksport möçberi 23,4 mlrd dollar boldy, bu bolsa ýurduň taryhynda rekord derejeli aýlyk görkezijidir. Bu barada respublikanyň söwda ministri Mehmet Muş aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“2022-nji ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň eksport möçberi 23,4 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli aýyndaky görkezijiden 18,5% ýokarydyr. Iýun aýynda eksport möçberi Türkiýäniň taryhynda daşary ýurtlara iberilişiň iň ýokary aýlyk görkezijisi boldy. 2021-nji ýyldan bäri dowam edýän eksportyň ösüş tendensiýasy şu ýyl hem saklanýar” – diýip, Anadolu agentligi onuň sözlerini getirýär.

Muş birinji ýarymýyllykda türk eksportynyň möçberiniň 126 mlrd dollara barabar bolandygyny hem belledi. Iýun aýynda türk importynyň möçberi 40% ýokarlanyp, 31,6 mlrd dollara ýetdi, şolardan 8,1 mlrd dollar energiýa göterijilerini satyn alyşlaryň paýyna düşdi.


27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

12.03.2026 19:56
7k+

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi...