Serdar Berdimuhamedow Çoganlydaky täze söwda merkezine «Güneşli» diýip at goýdy

  • 02.07.2022 14:07
  • 27k+

1-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägindäki söwda merkeziniň gurluşynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurulýan täze söwda merkeziniň gurluşygynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, onuň “Güneşli” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutany söwda toplumynda alyjylar we satyjylar üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, onuň adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülmelidigini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......