Hytaý daşary ýurtlular üçin merkezleşdirilen karantini ýedi güne çenli azaldar

  • 01.07.2022 09:42
  • 8.5k+

Hytaý häkimiýetleri daşary ýurtlardan gelýän raýatlar üçin merkezleşdirilen karantiniň wagtyny 14 günden ýedi güne çenli azaldar. Bu barada HHR-iň Arassaçylyk we saglygy goraýyş meseleleri boýunça döwlet komitetiniň saýtynda ýerleşdirilen resminamada aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Öň daşary ýurtlardan gelýän raýatlar 14 günlük hökmany karantinden geçip, şondan soň ýedi günüň dowamynda öýde öz saglyk ýagdaýlaryna seretmeli bolýardylar. Hytaýyň çägine girilen ýagdaýynda Pekinde merkezleşdirilen karantiniň möhleti 10 gündi, şondan soň ýedi gün öýde izolýasiýada bolmalydy.
Komitetiň habar berşi ýaly, hökmany karantin ýedi güne, öý izolýasiýasy üç güne çenli azaldylar. 10 günüň dowamynda raýatlar jemi alty PZR-barlagyny tabşyrmaly bolar: merkezleşdirilen karantiniň birinji, ikinji, üçünji, bäşinji we ýedinji günleri, şeýle-de öý izolýasiýasynyň üçünji güni. Barlag bokurdakdan çalmak arkaly amala aşyrylar.
Resminamada görkezilişi ýaly, bu çäreler diňe bir daşary ýurtlardan gelen raýatlara däl-de, eýsem HHR-iň çäginde bolan we koronawirus keselli bilen aragatnaşyk sebäpli merkezleşdirilen karantine ýerleşdirilen adamlara hem degişlidir. Olar üçin merkezleşdirilen karantiniň möhleti ýedi gün, öý izolýasiýasynyň möhleti üç gün bolar. 


05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

03.04.2026 20:56
11k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

22.03.2026 15:20
3.4k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...