Iýul aýynda Aşgabatda halkara ulag forumy geçiriler

  • 28.06.2022 12:14
  • 13k+

18-19-njy iýulda Aşgabatda halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ösüşine we olaryň özara baglanyşygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Bellenilişi ýaly, maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara ulag-logistika pudagynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşarlar. Oňa  Zoom Professional platformasynda onlaýn usulda hem gatnaşmaga mümkinçilik dörediler.
Bu halkara maslahata hem-de onuň çäklerinde guraljak işewürlik duşuşyklaryna gatnaşmak halkara ýük daşamalar ulgamyndaky maýa goýum mümkinçilikleri, bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşmaga amatly şertleri döreder.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

16.05.2026 09:58
8.3k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....