Maryda geçen Medeniýet hepdeliginiň dabaraly ýapylyşy boldy

  • 28.06.2022 12:03
  • 5.5k+

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Bu şanly senä gabatlanyp Medeniýet hepdeligi geçirildi we ol “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan sungat ussatlarynyň uly konserti bilen jemlendi.

Dabaralar Mary şäherindäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine belent sarpa hökmünde gül goýmak dabarasy boldy.
Binagärlik keşbi hem-de milli äheňdäki bezegleri bilen baý many-mazmuna eýe bolan Medeniýet hepdeliginiň derejesine laýyk gelýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda Maryda guralan döredijilik çäreleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrülen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Konsert maksatnamasyny açan “Sungat toýun tutýar ili türkmeniň” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk çäresiniň özboluşly başlangyjy boldy. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, Diýarymyzyň welaýatlarynyň meşhur aýdymçylarynyň hem-de folklor toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary sungatyň gudratly güýjüne bagyşlandy. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarda ýeten sepgitleri barada söhbet açýan wideoşekiller bilen utgaşdyrylan birnäçe çykyşlar tomaşaçylara ýetirildi.
Medeniýet hepdeligini geçirmek hormatynyň başga welaýata berilmegi “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan dabaranyň tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu sungat baýramçylygy 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler. Dabara milli medeniýetiň we sungatyň gülläp ösýän eýýamynyň senasy bolup ýaňlanan “Arkadagly Serdarymyz sag bolsun!” atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy.


düýn 00:03
2.9k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......