Aşgabatdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy

  • 28.06.2022 12:01
  • 5.3k+

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabaralar bilen giňden bellenildi. Baýramçylyk çäresi Aşgabadyň taryhy merkezinde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanyndaky meýdançada başlandy.

Bu ýerde Gündogaryň beýik akyldarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. Milletiň buýsanjyna öwrülen Pyragynyň çeper zehinine, edebi mirasyna hormat goýmagyň nyşany hökmünde guralýan gül goýmak dabarasyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym hem-de medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar. Ýadygärligiň eteginde al-elwan güllerden emele gelen ajaýyp görnüş halkymyzyň beýik ogluna goýýan hormatyny, şahyryň döredijiliginiň nusgalykdygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny türkmen topragynyň ajaýyp tebigaty, giňişlikleri, sähralary, daglary we düzleri, deňizleri hem-de derýalary, hoşniýetli adamlary, ýakymly owazlary, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri beýik eserleri döretmäge ruhlandyrypdyr. Gahrymançylyga, watançylyga, durmuş gözelligine söýgi, türkmen halkynyň sazlaşykly, parahat, abadan durmuşy, özygtyýarly döwlet baradaky arzuwlar Magtymgulynyň eserleriniň özenini düzýär. Akyldar şahyr “Berkarar döwlet istärin” diýip arzuw edipdir. Häzirki döwürde Magtymgulynyň ady dünýä belli boldy. Onuň ajaýyp eserleri dünýä halklarynyň dürli dillerinde neşir edilýär. Akyldar şahyryň şygyrlary Firdöwsi, Dehlewi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy ýaly dünýä belli beýik alymlaryň we akyldarlaryň eserleriniň arasynda aýratyn orna mynasypdyr.


düýn 17:48
3.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
2.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
2.8k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......