Serdar Berdimuhamedow Ahmet Çalyk bilen Türkmenistandaky gurluşyklary maslahatlaşdy

  • 28.06.2022 11:58
  • 14k+

27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda, hususan-da, elektroenergetika pudagynda, saglygy goraýyş ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan “Çalyk Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür kompaniýa ynanylan desgalarda alnyp barylýan işler hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berdi.
Döwlet Baştutany uzak möhletleýin esasdaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda türkmen tarapynyň esasy we üýtgewsiz talabyna — gurluşyk işleriniň bellenilen tertibiniň berk berjaý edilmegine, desgalaryň şertnamada kesgitlenen möhletde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Işewür bildirilýän ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny bellenilen möhletde ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


düýn 22:17
602

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......