E.Ylyjak: “Rönesans Holding” geljekde-de bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýar”

  • 28.06.2022 11:55
  • 8.5k+

27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Ol Türkiýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp  barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Döwlet Baştutany bu kompaniýanyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini we anyk netijä gönükdirilendigini nygtady. Duşuşykda özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Erman Ylyjak dürli maksatly düzümleýin desgalary gurmak boýunça kompaniýa ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylyşy barada hormatly Prezidente habar berdi.
Erman Ylyjak bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,  ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....