Hytaýda 240 Wt kuwwatly dünýäde iň çalt zarýad beriji dörediler

  • 27.06.2022 16:35
  • 12k+

Weibo sosial ulgamynda abraýly insaýder Digital Chat Station Hytaýda smartfonlar üçin kuwwaty 240 Wt bolan çalt zarýad berijiniň dörediljekdigini aýtdy. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ady agzalmadyk öndüriji 240 Wt ýa-da 24 wolt 10 amper kuwwatly zarýad berijini döretmäge girişdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, öň iQOO brendiniň 200 Wt-a çenli kuwwatly çalt zarýad berişi göterjek iQOO 10 Pro flagman gajetiniň üstünde işleýändigi belli boldy – smartfon 0-dan 100%-e çenli bary-ýogy 12 minutda zarýad alar.
Ulgamyň ulanyjylary 240 Wt-ly zarýad berijiniň öndürijisiniň iQOO ýaly BBK konserniniň düzümine girýän Oppo bolup biljekdigini çaklaýarlar. 2022-nji ýylyň fewral aýynda Oppo 4500 mAs sygymly akkumulýatory bary-ýogy 9 minutda zarýadlap biljek 240 Wt kuwwatly SuperVOOC zarýad beriş tehnologiýasyny işläp düzendigini habar berdi. Şeýle-de bolsa, bu tehnologiýa diňe smartfonyň prototipinde synagdan geçirildi we kompaniýa täze nesliň çalt zarýad berijisiniň täjirçilik smartfonlarynda haçan peýda boljakdygyny habar bermedi.
Häzirki wagtda zarýad berijiniň kuwwatlylygy boýunça BBK smartfonlary, has takygy, Realme GT Neo 3 we One Plus 10R rekord eýeleridir. Bu gurluşlar 150 Wt zarýad beriji bilen zarýad alýarlar.
 


şu gün 12:41
264

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
613

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 23:52
7.2k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......