Medeniýet hepdeliginiň 5-nji güni köpugurly çärelere baý boldy

  • 27.06.2022 13:01
  • 2.8k+

26-njy iýunda Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin niýetlenen “Ýaş žurnalist we döwür” atly maslahat geçirildi hem-de “Gadymy Merwe syýahat” atly çagalar surat bäsleşiginiň jemi jemlenildi. 

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde maşgala aýdym-saz toparlarynyň hem-de bagşylar öýüniň işini kämilleşdirmek, dutar we beýleki milli saz gurallaryny ýasamak boýunça usuly maslahat, konsert hem-de sergi geçirildi. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda “Ylahy yşkyň kyssasy” atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Mary welaýatynyň kitaphanasynda “Ýaş žurnalist we döwür” atly maslahat geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde kitaplaryň hem-de amaly-haşam sungatyna degişli eserleriň sergisi öz işini dowam edýär. 
Medeni forumyň çäklerinde geçirilýän maslahatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurdumyzyň döwlet ösüşinde, döwürleýin neşirleriň derejesini ýokarlandyrmakda, sanly tehnologiýalar arkaly milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini, žurnalistikany kämilleşdirmek üçin öňdebaryjy tejribeleri işjeň ulanmakda žurnalistleriň eýeleýän orny we dünýä maglumat giňişliginde olaryň özara gatnaşyklary üçin döredilýän uly mümkinçilikleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 
Döredijilik forumynyň çäklerinde Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde “Gadymy Merwe syýahat” atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bäsleşik nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, neçjarçylyk we gobelen ýaly bäş ugur boýunça geçirildi. Onda eserleriň özboluşlylygy, medeni ähmiýeti we ýerine ýetirijilik ussatlygy göz öňünde tutuldy. Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenenden soňra, ýeňijilere Medeniýet ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň medeniýet merkezinde usulyýet maslahaty geçirildi. 
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary teatr sungatyna sarpa goýýanlar üçin “Ylahy yşgyň kyssasy” atly sahna eserini sowgat etdi. 
Ýurdumyzyň Baş akademiki drama teatrynda gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň durmuş hem-de döredijilik ýoluna bagyşlanyp goýlan “Magtymguly” atly sahna oýny Medeniýet hepdeligine gabatlanyp guralan dabaraly çäreleriň maksatnamasynyň üstüni ýetirdi.    


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......