Tesla milliardlarça dollar ýitirýär

  • 25.06.2022 13:07
  • 22k+

Tesla Tehasdaky we Berlindäki täze zawodlar sebäpli milliardlarça dollar ýitgi çekýär diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask aýdýar. Pul ýitgisine meýilleşdirilen önümçilik göwrümine çykmaga mümkinçilik bermeýän akkumulýator ýetmezçiligi we koronawirus ýaýrawy sebäpli Hytaýdan üpjünçiligiň kesilmegi sebäp bolýar. “Gigafabrikalar” üçin çykarylýan çykdajylar köp, ýöne netije ýok: häzir zawodlaryň ikisi-de “pul ýakmak üçin ägirt peçlere” meňzeýär diýip, Mask aýdýar. Onuň sözlerini Day.Az getirýär.

Maskyň sözlerine görä, iki zawod hem 2022-nji ýylyň başynda açylanyndan bäri çykarylýan elektrokarlaryň möçberini artdyrmak üçin doly güýjüne işleýär. Şeýle-de bolsa, meýilnamany ýerine ýetirmek başartmaýar. Berliniň golaýyndaky “Gigafabrika 4” 20-nji iýunda hepdede 1000 awtoulag kuwwatyna çykdy, aslynda bolsa, bu netijä aprel aýynda ýetmelidi.

Tehas ştatynyň Ostin şäherindäki fabrikada häzir az sanly awtoulag çykarylýar diýip, Mask belleýär. Onuň sebäpleriniň biri akkumulýatorlar üçin bölekleriň ýetmezçiligidir, onuň tapgyry COVID-19 ýaýrawy sebäpli Hytaýyň portunda saklanyp galdy.

Şol bir wagtyň özünde, Şanhaýdaky lokdaunlar sebäpli Hytaýdaky “Gigafabrikada” önümçiligi hem birnäçe hepde togtatmaly boldy. Uzak arakesme aprel aýynda HHR-de satuwyň 98% pese gaçmagyna getirdi.

Şular bilen baglylykda, Tesla geljek üç aýyň dowamynda işgärler ştatyny 10%-e çenli azaldar. Sagatlaýyn tölegleri bolan işgärleriň sanyny bolsa köpeltmek meýilleşdirilýär. Şeýlelik bilen, Tesla-nyň işgärleriniň umumy sany, takmynan, 3,5 göterim azalar, näçe adamyň işden çykaryljakdygyny Mask habar bermedi. 


düýn 23:24
1.4k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....