Türkmenistan "Ekspo-2030-y" kabul etmek üçin Saud Arabystanynyň dalaşgärligini goldady

  • 24.06.2022 11:13
  • 17k+

23-nji iýunda Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimi boýunça hem-de sebit we halkara gün tertibi bilen bagly pikir alyşdylar. 

Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň Merkezi Aziýada hem-de Ýakyn Gündogarda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge oňyn goşant goşýandyklary, ählumumy hereketleriň kadalaşdyrylmagyna we durnuklylaşdyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli we öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýandyklary bellenildi. Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gepleşikleri, dünýä syýasatynyň wajyp meselelerine çemeleşmäniň ugurlaryny kesgitlemek bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi ylalaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň orunbasaryna Türkmenistanyň “EKSPO-2030” Bütindünýä sergisiniň geçirilýän ýeri hökmünde Saud Arabystanynyň dalaşgärligini goldamak barada çözgüde gelendigini we bu ählumumy çärä taýýarlyk görmek bilen bagly ýardamlary berjekdigini habar berdi.


düýn 10:01
775

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 00:49
5k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

13.03.2026 09:38
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...

13.03.2026 09:35
997

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi...