Aşgabatda halkara ekologiýa forumy geçirildi

  • 24.06.2022 10:22
  • 6k+

23-nji iýunda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň “GaffneyСline” kompaniýasynyň ýardam bermeginde guraldy.

Şu gezekki forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna onlaýn tertibinde hem görkezildi. Oňa Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän halkara missiýalaryň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem forumyň işine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary onlaýn görnüşde goşuldylar. Forum uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň ekologik taraplary we täze döwrüň energiýasyna geçiş, wodorod — geljegiň ýangyjy, zyňyndylary doly aýyrmak we monetizasiýa üçin metan zyňyndylaryny we kömürturşy gazyny azaltmak, ekologiýa we howa boýunça maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri hem-de arassa energiýany öndürmekdäki başlangyçlar ýaly dört ugry öz içine aldy.
Maslahatyň barşynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hem-de energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçiliklerine, uglewodorod bazarlarynyň täze döwrüň energetikasyna geçmekde eýeleýän ornuna, nebitgaz taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki zaman meýillerine, tebigy serişdelere aýawly çemeleşilmegine we beýlekilere aýratyn üns berildi.
Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmalary, ozaly bilen, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy işewürlik toparlary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi esasynda şertlendirilendir. Şunuň bilen birlikde, geljegi uly türkmen bazarynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň netijeli işlemegi üçin örän amatly hukuk, maliýe-ykdysady şertleriň döredilýändigine aýratyn üns çekildi. Nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ekologik ugurlaryna hem ähmiýet berildi. Halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary depginlere eýe bolandygy bellenildi, bu ulgamda amala aşyrylýan bilelikdäki iri taslamalar olaryň netijeleridir. 


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......