Aşgabatda 30-njy gezek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar

  • 22.10.2025 10:24
  • 6k+

Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahaty we sergi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli foruma gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady.

Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär. Halkara maslahat we ugurdaş geçirilýän giň gerimli sergi innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary, täze taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek öňde goýlan maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, toplumyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek we logistik kuwwatyny berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

"Gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen halkara bazarlara çykarmagyň esasy çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu gaz käni daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna tapgyrlaýyn hem-de maksatlaýyn esasda özleşdirilýär" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutany tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmak babatda möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezdi.

"Bu iri gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebit döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň gury ýer bölegi bilen birlikde, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlary üstünlikli özleşdirilýär. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmegi dowam etdireris" diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Belläp geçsek, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahaty we sergi şu ýyl 30-njy gezek geçirilýär.


düýn 11:30
2.7k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...