Serdar Berdimuhamedow maryly daýhanyň ekin meýdanyna baryp gördi

  • 18.06.2022 08:24
  • 17k+

Mary welaýatyna toý saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanynda ussat kärendeçi-daýhan Atageldi Ärnyýazow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutany onuň gündelik işleri, ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, şeýle hem maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Kärendeçiniň habar berşi ýaly, ol 15 ýylyň dowamynda kärendeçilik bilen meşgullanýar. Bugdaý ekilen 55 gektar kärende ýerinde onuň ähli maşgala agzalary zähmet çekýär hem-de şu ýyl her gektardan 40 — 45 sentner hasyla garaşýarlar. Şeýle hem olar gowaça, ýeralma we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar.

Döwlet Baştutany söhbetdeşligiň dowamynda ekerançydan zähmet şertleri, aýratyn-da, ekin meýdanlary, suw serişdeleri, ýokary hilli tohum hem-de dökün bilen üpjünçilik meseleleri, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylyşy, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi bilen gyzyklandy. Soňra kärendeçi hormatly Prezidentden galla oragyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz “bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýdan bir desse orup, täze hasylyň oragyna ak pata berdi hem-de daýhana bol hasyl almagy arzuw etdi.

Döwlet Baştutany kärendeçiniň yhlasly zähmetine minnetdarlyk hökmünde oňa sowgat gowşurdy. Daýhanyň haýyşy boýunça onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.


düýn 16:01
2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

28.04.2026 13:59
2k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

27.04.2026 23:33
10k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......