Serdar Berdimuhamedow bilen Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasynda nämeler göz öňünde tutulýar?

  • 16.06.2022 07:56
  • 31k+

15-nji iýunda geçirilen Tähran duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi. Onda taraplaryň taryhdan gelip çykýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Bilelikdäki Beýannamada türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýakyn geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän wezipeler dolulygyna beýan edilýär. Hususan-da, taraplar ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmegiň möhümdigini belläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini düýpli artdyrmagy maksat edinýärler. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň işine aýratyn orun berilýär.

Resminamada nygtalyşy ýaly, taraplar energetika pudagynda, aýratyn-da, nebit we gaz ugurlarynda olaryň «swop» görnüşinde we üstaşyr geçirilişini hem-de söwdasyny öz içine alýan hyzmatdaşlygy öwrenmegiň zerurdygyny bellediler. 2011-nji ýylyň 25-nji aprelindäki Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Katar Döwletiniň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol ýük geçelgesi taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa iki ýurduň ulag ulgamyndaky gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri açar. 

Bulardan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, abraýly sebit we halkara düzümleriniň çäklerindäki bilelikdäki hereketleri ilerletmek, ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny ýokarlandyrmak, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermek ýaly möhüm ugurlarda öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Nobatdaky türkmen-eýran gepleşiklerinde Hazar gün tertibiniň meseleleri hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şoňa görä-de, Bilelikdäki Beýannamada Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygy nygtalyp, Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiniň mazmunyny ýokary hilli işläp taýýarlamagyň we ylalaşmagyň ähmiýetine aýratyn üns çekilýär.


şu gün 07:51
507

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.3k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
883

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......