Serdar Berdimuhamedow ýene-de Saud Arabystanynda saparda bolar

  • 14.06.2022 08:43
  • 28k+

13-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gidişini we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Meseleleriň giň gerimi boýunça ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi üçin iýun aýynyň ahyryna çenli Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň Türkmenistana saparyny guramak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda Er-Riýadda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşyldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bu çäreleriň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly geçiriljekdigi bellenildi.


düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......