Daşoguzda we Balkanda bugdaý oragyna girişildi

  • 11.06.2022 08:34
  • 8.1k+

10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý oragyna girişdiler. Bu welaýatlar toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlaýarlar.  

Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde galla oragyna ilkinji başlamak hormatyna Görogly etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň ekerançylary mynasyp boldular. Hormatly ýaşulular halkymyzyň asyrlardan bäri dowam edýän asylly däbine görä, Beýik Biribardan hasylyň üstünlikli ýygnalmagyny dileg etdiler. Daşoguz welaýatynyň bugdaý ýetişdirilen meýdany 145 müň gektara barabar bolup, gallaçylar şonça ýerden 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar bugdaýyň sebitiň toprak-howa şertlerinde özüni oňat görkezen, ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler. 

Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda, olaryň döwlet buýurmasy 80 müň tonna bugdaýdyr. Günbatar sebitde güýzlük bugdaý üçin 50 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde bol hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin köp işler amala aşyryldy. Agrotehnikanyň  kadalary takyk berjaý edildi we güýzlük bugdaýa ideg işleri ýokary derejede geçirildi. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda, Garagum derýasynyň boýunda ekiş dolanyşygyna girizilen “Paraw” daýhan birleşiginde galla oragyna hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berildi. 

Demirgazyk we günbatar sebitlerde galla oragynyň öňüsyrasynda welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olarda galla oragyny degişli derejede guramak bilen bagly meseleler üns merkezinde boldy. 

Ýeri gelende bellesek, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde 1 million 400 müň tonna bugdaý ýygnap almak wezipesini goýdy.


şu gün 19:20
1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......