Özbegistan ýurda gelýänler üçin koronawirus bilen bagly ähli çäklendirmeleri aýyrdy

  • 08.06.2022 13:24
  • 23k+

Özbegistana gelýänler üçin koronawirus pandemiýasy bilen bagly ähli çäklendirmeler aýryldy diýip, Özbegistanyň Syýahatçylyk we medeni miras ministrligine salgylanýan Trend habar berýär. Ministrligiň habar bermegine görä, Respublikanyň ýörite iş toparynyň kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 10-njy iýunyndan başlap, Özbegistana howa ýollary arkaly, serhetýaka demirýol menzillerinden we serhetdäki geçiş nokatlaryndan geçilende koronawirus bilen bagly wagtlaýyn çäklendirmeler aýrylar.

«Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt syýahatçylaryndan koronawirus üçin PZR-testiň otrisatel netijesini, koronawirus üçin antigenleriň ekspress-testini we sanjym alnandygy baradaky sertifikat ýa-da pasport görkezmegi talap edýän düzgünler ýatyrylýar» diýip, habarda aýdylýar.

Iş topary Özbegistanda hassahana ýerleşdirilenleriň we ondan sagalyp çykanlaryň sanyny, karantindäki raýatlaryň sanynyň oňyn tarapa üýtgeýşini, şeýle hem respublikadaky epidemiologiki ýagdaýy, BSGG-niň hem-de Syýahatçylyk we medeni miras ministrliginiň maslahatlaryny göz öňünde tutdy.  


düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......