Ahalyň täze merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň edara binasy gurlar

  • 06.06.2022 01:30
  • 34k+

4-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ahalyň edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň merkezi edara ediş binasyny gurmak baradaky teklibi öňe sürdi.

Şunuň bilen baglylykda, komitetiň ýolbaşçysy merkezde muzeý, kitaphana we fotosuratlar bilen işlemek boýunça bölümi döretmek hakyndaky haýyş bilen ýüzlendi. Gaznanyň döredilen gününden bäri ýerine ýetirilýän işler baradaky maglumatlardan ybarat gymmatlyklary muzeýde goýmaga ygtyýar berilmegi barada haýyş beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, D.Orazow hormatly Arkadagymyzdan döwlet Baştutanyna bu baradaky maglumatlary ýetirmegi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmäge rugsat alyp bermegini haýyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow milli gurluşyk senagatynyň häzirki zaman tejribelerini özünde jemleýän merkeziň gurulmagynyň wajyplygy barada aýdyp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýete eýedigini belledi we gurluşygyň ähli pursatlaryny beýan edýän maglumatlary bir ýere jemlemek baradaky pikiri makullap, komitetiň başlygynyň haýyşyny döwlet Baştutanyna ýetirjekdigini aýtdy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......