Türkiýede kowide garşy soňky çäklendirmeler aýryldy

  • 31.05.2022 08:13
  • 15k+

Türkiýede hassahanalardan daşary örtük dakynmak indi hökmany däl. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja habar berdi diýip, TASS belleýär. 

“Bassyr üçünji gün kesel hadysalarynyň gündelik sany müňden az. Biz islegimize görä jemgyýetçilik ulaglarynda örtükleri dakynman bilýäris. Hassahanalardan daşary örtük dakynmak hökmany däl. Şeýle-de bolsa, jemgyýetçilik ulaglarynda we köp adamly ýerlerde ýanyňyzda örtük bolsa has gowy bolar” – diýip, ministr öz Twitterinde ýazdy.

Geçen bir günde Türkiýede kowid bilen kesellemegiň 864 hadysasy hasaba alyndy, iki adam ýogaldy.
Öň, Türkiýäniň häkimiýetleri ýurtda kowide garşy çäklendirmeleriň kesel hadysalarynyň gündelik sanynyň bassyr üç gün müňden az bolan ýagdaýynda ýatyrylyp bilinjekdigini habar berdiler. Aprel aýynyň ahyrynda Türkiýede jemgyýetçilik ulaglarynda we lukmançylyk edaralarynda örtük düzgünini saklamak kararyna gelindi. Çäklendirmeleriň köpüsi mart aýynda aýryldy.


22.08.2025 19:04
17k+

Türkiýe türkmen raýatlary üçin talyp wizasyny almaga ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp wizasy bilen baglanyşykly ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky Gateway wizalar merkezi mälim etdi. Üýtgetmler 2025-nji ýylyň 20-nji awgustyndan güýje girýär...

16.08.2025 18:15
8.4k+

Türkiýäniň üç sany awiakompaniýasy uçuş wagtynda powerbanklary ulanmagy gadagan etdi

"AJet" türk awiakompaniýasy uçuş wagtynda kuwwaty 100 watt-sagatdan ýokary bolan powerbanklary ulanmagy gadagan etdi. Mundan ozal şeýle çäklendirmeleri Turkish Airlines we Pegasus hem girizipdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär...

14.08.2025 16:30
9.3k+

Türkiýedäki myhmanhanalar “şwed stolundan” ýüz öwürmek isleýär

Türkiýäniň häkimiýetleri azyk galyndylaryny azaltmak üçin ýurduň myhmanhanalarynda “şwed stolundan” ýüz öwürmek mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada Sabah neşiri ýazýar. Eger hökümet çäre görse, all inclusive ulgamy à la carte formaty bilen çalşyrylar...

28.07.2025 17:45
13k+

Stambulyň howa menzili Ýewropada iň ýygy gatnawly howa menzil boldy: bir günde 1612 gatnaw

Stambulyň howa menzili Ýewropanyň iň köp gatnawly ýerine öwrüldi. Diňe 7-nji iýuldan 13-nji iýul aralygynda howa menzili her günde ortaça 1612 gatnawy amala aşyrdy. Bu barada Ýewropanyň Howa hereketiniň howpsuzlygy guramasy (EUROCONTROL) tarapyndan neşir edilen "Ýewropa awiasiýa boýunça hasabatda" beýan edilýär...