Eýranyň nebit eksportyndan gazanan girdejisi 60% ýokarlandy

  • 31.05.2022 08:17
  • 4.8k+

Häzirki eýran senenama ýylynyň (2022-nji ýylyň 20-nji martynda başlady) ilkinji iki aýynda Eýranyň nebit eksportyndan gazanan girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60%-den gowrak ýokarlandy. Bu barada Eýranyň Nebit ministrliginiň jemgyýetçilik aragatnaşyklary boýunça bölümi habar berdi diýip, Yslam Respublikasynyň habarlar agentligi belleýär.

“Nebitiň, gaz kondensatynyň, tebigy gazyň, nebit önümleriniň, nebithimiýa önümleriniň eksportyndan gelen walýuta girdejisi ýurduň şu ýylynyň ilkinji iki aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60% ýokarlandy” – diýip, ministrlik habar berýär.
“Geçen ýylyň ilkinji iki aýynda nebithimiýa senagatyndan gelen girdeji 1,5 mlrd dollar boldy, şu ýylyň ilkinji iki aýynda bolsa 2,450 mlrd dollara ýetdi” – diýlip, habarda aýdylýar.

27-nji aprelde Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Ali Salehabadi Eýranyň eksportdan, hususan-da, nebit satuwyndan girdejini doly alýandygyny aýtdy. Ol häzirki eýran ýylynyň birinji aýynda walýuta girdejisi ugrunda gowy netijeleriň gazanylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygy 13-nji administrasiýada çig nebitiň önümçiliginiň 2018-nji ýyldaky sanksiýadan öňki derejä ýetendigini hem aýtdy.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......