Türkmen halyşynaslarynyň XXII mejlisi geçirildi

  • 30.05.2022 14:27
  • 3.3k+

29-njy maýda günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Arşyň nepisligi — türkmen halysy” atly Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisi halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine bagyşlandy. Dünýäniň ylmy we işewür wekillerini, sungat eserlerini, gadymy nusgalary toplaýan alymlary, dürli ýurtlaryň halyşynaslaryny bir ýere jemlän halkara düzümiň nobatdaky mejlisinde türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki ösüşi baradaky çykyşlar diňlenildi.

Bu mejlise sanly ulgam arkaly dünýäniň iri muzeýleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, alymlar, sungaty öwrenijiler we amaly-haşam sungatyna aýratyn gadyr goýýan işewürler gatnaşdylar. Çykyş edenler dünýäniň dürli ýurtlarynda el halyçylyk sungatyny ösdürmegiň taryhyny öwrenmek, dünýä halklarynyň amaly-haşam sungatynyň däplerini baýlaşdyrmak we özara tejribe alyşmak ýaly möhüm meselelere degip geçdiler.

Türkmen halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýändigini nygtap, çykyş edenler BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Hökümetara komitetiniň 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 14-nji mejlisinde türkmen halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň milli gymmatlyga berilýän ýokary bahadygyny nygtadylar. Munuň özi ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde ykrar edendiginiň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa ajaýyp milli gymmatlygyň daşary ýurtlardaky abraýynyň belende galmagyny we onuň giňden wagyz edilmegini şertlendirdi. 

Foruma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda haly nagyşlarynyň gelip çykyşynyň taryhy we aýratynlyklary, dürli ýurtlarda halyçylyk sungatyny ösdürmek boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri barada aýtdylar.


şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.9k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.2k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.7k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....