Türkmenistanyň biržasy: bir hepdede bahasy 100 million dollara golaý geleşik baglaşyldy

  • 30.05.2022 08:12
  • 6.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million 922 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň telekeçilerine dürli görnüşli tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. 
Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür toparlaryň wekilleri bahasy 1 million 551 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.


şu gün 22:17
65

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

şu gün 19:20
1.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......